YZA OKALYŞY 

Jewşeniň Dogasy

***

Eý Allam! Eý Rebbimiz! Bizi jähennemiň azabyndan halas et we medet ber! Eý gullaryny azapdan gorap, halas edýän we bagyşlaýan Rebbim! Merhemetiň we keremiň bilen bize saglyk we esenlik ber, bizi bagyşla, bizi ýagşylyk edenler bilen päk diýaryňa – Jennetiňe goý. Men, şu gadyrly we abraýly atlaryň, beýik sypatlaryň haky üçin, söýgüli Pygamberimize, onuň maşgalasyna we sahabalaryna, Onuň (s.a.w.) eden ýagşylyklary möçberinde salawat we merhemet indirmegiňi isleýärin we ýalbarýaryn! Allanyň ady bilen. Alla maňa ýeter. Alladan başga hakyky hudaý ýok, Alla hem ähli zada şaýatdyr. Diý: Ol Alladyr. Allanyň isläni bolar. Rebbim Alladyr. Allanyň abraýy beýikdir. Alla beýikdir. Alla töwekgel edip ynandym. Duşmanlara garşy Alla saňa ýeter. O ähli zady eşidýär we bilýär!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan daş we päksiň, ähli gözellikleriň eýesisiň. Senden başga hakyky hudaý ýok. Esenlik we asudalyk ber! Esenlik we asudalyk ber!
Sen özüňi öwüşiň ýaly Seni öwüp bilmeýänimi boýnuma alýaryn. Eý Alla, eý Hu, eý Rahman, eý Rahym, eý Gafur, eý Şekur!
Eý Allam! Özüň hakynda agzaýan gözel atlaryň, beýik sypatlaryň we ähli sözleriň haky üçin Senden isleýärin we ýalbarýaryn; meni, ene-atamy, öli ýa-da diri, erkek ýa-da aýal ähli mömin we musulmanlary bagyşla!
Eý Rebbim! Bize şeýle bir merhemet et, başgasynyň merhemetine mätäç bolmalyň! Dünýäde we ahyretde bize gerek zatlarymyzy ber. Iň soňky demimizde bize begenç, bagt, şehitlik, keramat we soňsuz buşlugy nesip et!
Eý Rebbim! Biziň üçin eden zatlary we bizdäki haky üçin, biziň adymyzdan, Hezreti Muhammede (sallallahu aleýhi we sellem) laýyk bolan peşgeşlerini ber!
Eý Rebbim! Bizi gözümizi ýapyp açýançagam nebsimiz ýa-da başga mahluk bilen ýalňyz goýma. Ýagdaýlarymyzy gowulaşdyr. Uklamaýan gözüň bilen bizi gora, bize goldaw ber, biziň daýanjymyz bol, eý Jelal we eý kerem eýesi bolan Rebbim!
Eý Rebbim! Bizi we mübärek atlaryňy (Jewşeni) göterýänleri jynlardan, adamlardan we şeýtanlardan geljek erbetliklerden, ýer titremesinden, daglaryň Allanyň gorkusy bilen bölek-puçak bolmasyndan, tagundan, göz degmeden, kesellerden, apatlardan we başga bela-beterlerden gora!
Eý merhemetlileriň iň merhemetlisi bolan Rebbim! Soňsuz merhemetiň bilen bize dünýä we ahyretde esenlik, saglyk we haýyr nesip et!
Eý Rebbim! Söýgüli Pygamberimize (sallallahu aleýhi we sellem), onuň maşgalasyna we sahabalaryna salawat et we olara esenlik ber!
Älemleriň Rebbi Alla hamd bolsun!

Back to Top