YZA OKALYŞY 

Bap: 17/100

***

Allam! Senden şu atlaryň haky üçin dileýärin we ýalbarýaryn:
1. Eý gullaryna dünýäde her hili howpa we gorka garşy, kyýamat gününde-de azaba garşy ynam berýän Mü’min!
2. Eý ähli zady gorap gözegçilik edýän Müheýmin!
3. Eý ähli zady ýokdan bar eden Mükewwin!
4. Eý jandarlara gerekli bolan zatlaryny olara ylham edip öwredýän Mülakkyn!
5. Eý gullaryna düşündirmeli ähli zady we ýeke-täkligini aýan deliller bilen düşündirýän Mübeýýin!
6. Eý gullary üçin ähli kynçylyklary ýeňilleşdirýän Mühewwin!
7. Eý ähli zady laýyk bolaýjak, gelişäýjek şekilde bezäp gözelleşdirýän Müzeýýin!
8. Eý islänini beýgeldýän we gullaryna beýikligini görkezýän Muazzym!
9. Eý mätäçleriň kömegine ýetişýän Muawwin!
10. Eý ähli zady dürli reňkler bilen bezeýän Mülewwin!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (17)

Back to Top