YZA OKALYŞY 

Bap: 18/100

***

1. Eý mülkündäki hökümdarlygy üznüksiz bolan!
2. Eý ululygy we beýikliginiň öňünde ähli zat kiçelýän!
3. Eý hökümdarlygynyň we soltanlygynyň başlangyjy bolmadyk!
4. Eý gullaryna merhemet edýän!
5. Eý ähli zady bilýän!
6. Eý günäkär gullary özünden ýüz öwürselerem, olara jeza bermek üçin howlukmaýan, örän sabyrly bolan Rebbim!
7. Eý özünden umydygär bolanlaryň umytlaryny puç etmeýän we peşgeşi bol bolan!
8. Eý ýazgydy we takdyry bilen ähli zady ýerlikli edýän, hikmetiň eýesi!
9. Eý hökümlerinde Latif bolan!
10. Eý islän kişisine laýyk bolan peşgeşini bermäge gudraty bolan!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (18)

Back to Top