YZA OKALYŞY 

Bap: 32/100

***

1. Eý özüni ýeňip bolmaýan we özünden üstün bolnup bilinmeýän Aziz!
2. Eý özünden daşlaşylmaýan Latif!
3. Eý uklamaýan gözegçi!
4. Eý ýok bolmaýan Mewjut!
5. Eý ölmeýän Haýý!
6. Eý ýok bolmaýan Melik!
7. Eý ýitip gitmeýän Baky!
8. Eý ylmynyň gurşap almadyk zady bolmadyk Alym!
9. Eý ähli zat özüne mätäç bolan, özi bolsa hiç zada, iýmäge ýa-da içmäge mätäç bolmaýan Samed!
10. Eý güýçden gaçyrylyp bolmaýan, güýç we gudrat eýesi bolan Rebbim!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (32)

Back to Top