YZA OKALYŞY 

Bap: 33/100

***

Allam! Senden şu atlaryň haky üçin dileýärin we ýalbarýaryn:
1. Eý atlarynda, sypatlarynda we işlerinde şärigi bolmaýan Wahyd!
2. Eý islän zadyny tapýan Wajid!
3. Eý özünden hiç zadyň gizlenip bilmeýäni, we hiç zady ýatdan çykarmaýan Şahid!
4. Eý soňsuz abraý we beýikligiň eýesi bolan Majid!
5. Eý ähli işlerini, başlangyjy we soňy bolmaýan hikmeti bilen netijelendirýän Raşid!
6. Eý pygamberleri ugradan we ölüleri direldýän Bais!
7. Eý ähli ýaradylanlar ýok bolandan soň galjak we ölümsiz bolan Waris!
8. Eý kynçylyk we zyýana sebäp bolýan zatlary ýaradýan Darr!
9. Eý haýyrly we peýdaly zatlary ýaradýan Nafi!
10. Eý gullaryny dogry ýola, imana ugrukdyrýan Hadi!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (33)

Back to Top