YZA OKALYŞY 

Bap: 36/100

***

1. Eý ähli zadyň tabyn bolup boýun egýäni!
2. Eý ähli zat özi üçin ýaradylan!
3. Eý ähli zat özi üçin bar bolan!
4. Eý ähli zadyň özüne dönýäni!
5. Eý ähli zadyň özünden gorkýany!
6. Eý ähli zadyň özüni ähli kemçiliklerden päk görüp zikir edýäni!
7. Eý ähli zadyň aýakda durmasynyň sebäbi!
8. Eý ähli zadyň özünden gorkup boýun egýäni!
9. Eý ähli zadyň soňunda özüne dönýäni!
10. Eý ähli zat heläk bolandan soň ýeke özi galjak Baky!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (36)

Back to Top