YZA OKALYŞY 

Bap: 40/100

***

1. Eý iň gowy ýagdaýda ýaradyp nyzama goýýan!
2. Eý ähli zady takdyr edip ýaradylyş maksadyna ugrukdyrýan!
3. Eý belalary ýok edýän!
4. Eý gizlin sözleri, doga-dilegleri we nyýazlary eşidýän!
5. Eý kynçylyklara, belalara gark bolanlary halas edýän!
6. Eý heläk bolanlary halas edýän!
7. Eý maddy we ruhy hassalyklara şypa berýän!
8. Eý hem öldürýän, hem direldýän!
9. Eý hem güldürýän, hem agladýan!
10. Eý hem azaşdyrýan, hem hidaýet berip dogry ýola ugrukdyrýan!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (40)

Back to Top