YZA OKALYŞY 

Bap: 41/100

***

Allam! Senden şu atlaryň haky üçin dileýärin we ýalbarýaryn:
1. Eý gullarynyň günälerini bagyşlaýan Gafir!
2. Eý gullarynyň aýyp we kemçiliklerini gizleýän Satir!
3. Eý güýji we gudraty bilen gullaryny isleýşi ýaly dolandyrýan Kahir!
4. Eý ähli zada güýji ýetýän we hiç hili ejizligi bolmaýan Kadyr!
5. Eý ähli zady hemişe görýän Nazyr!
6. Eý ähli zady ýokdan ýaradan Fatyr!
7. Eý gullarynyň az amallaryny ençeme esse edip kabul edýän we olara hak edenlerinden has köp peşgeş berýän Şakir!
8. Eý özüni zikir edýänleri ýatlaýan Zakir!
9. Eý kömek edýän Nasyr!
10. Eý islän zadyny zor bilen etdirýän, bozulan işleri düzeldýän Jabir!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (41)

Back to Top