YZA OKALYŞY 

Bap: 45/100

***

Allam! Senden şu atlaryň haky üçin dileýärin we ýalbarýaryn:
1. Eý ähli zada ähli zatdan has ýakyn bolan Karyb!
2. Eý ähli ýaradylanlardan hemişe habardar bolup olara gözegçilik edýän Rakyb!
3. Eý gullaryna özüni söýdürýän, özam olary söýýän Habib!
4. Eý ýaradylanlaryň doga we dileglerini kabul edip, olara jogap berýän Mujib!
5. Eý ahyretde gullaryndan hasap sorajak Hasib!
6. Eý maddy we ruhy, ähli dertlere derman berýän Tabib!
7. Eý görýän, bilýän we hiç zat özünden gizlenilmeýän Basyr!
8. Eý mülkündäki iň kiçi zerrä çenli, ähli zatdan habardar bolan Habir!
9. Eý ähli zady nury bilen ýagtylandyrýan Munir!
10. Eý ähli dogry zatlary mälim edýän we düşündirýän Mubin!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (45)

Back to Top