YZA OKALYŞY 

Bap: 46/100

***

1. Eý ýeňilmeýän Galib!
2. Eý ýaradylmadyk sungatçy!
3. Eý mahluk bolmadyk ýaradyjy!
4. Eý eýeçilik edip bolmaýan mülküň eýesi!
5. Eý ähli zatdan üstün bolup, älemi emir we hökümdarlygynda saklaýan Kahir!
6. Eý beýgeldip bolunmaýan, başgalaryny beýgeldýän!
7. Eý goranmaga mätäç bolmadyk goraýjy!
8. Eý kömege mätäç bolmadyk kömekçi!
9. Eý özünden hiç zadyň gizlenip bilmeýäni, özi bolsa ähli zada ähli zatdan has ýakyn bolan Şahid!
10. Eý daş däl-de ýakyn bolan Rebbim!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (46)

Back to Top