YZA OKALYŞY 

Bap: 5/100

***

Allam! Senden şu atlaryň haky üçin dileýärin we ýalbarýaryn:
1. Eý gaýta-gaýta merhemet edýän, özünden ýüz öwürenlere tarap ugrukýan Hennan!
2. Eý ýagşylyk we peşgeşi bol, nygmat berýän Mennan!
3. Eý gullarynyň ähli zatlary üçin hasap soraýan we hiç bir amaly zaýalaman garşylygyny berýän Deýýan!
4. Eý gullarynyň günälerini bagyşlamak bilen örtýän Gufran!
5. Eý gullaryna hak we dogry ýoly görkezýän, Özüniň we ähli zadyň bardygyna delil bolýan Burhan!
6. Eý häkimligiň hakyky eýesi bolan Soltan!
7. Eý ähli kemçiliklerden we nogsan sypatlardan daş, ähli gözellikleriň we kämillikleriň eýesi bolan Subhan!
8. Eý her kim tarapyndan özünden kömek soralýan Müstegan!
9. Eý ýaradanlaryna soňsuz nygmatlar berýän, gullaryna pikirlerini düşündirme güýjüni berýän we maksatlaryny iň gowy düşündirýän Zül-Menni wel-Beýan!
10. Eý her hili gorky we howpa garşy jandarlara ynam we rahatlyk berýän Aman!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (5)

Back to Top