YZA OKALYŞY 

Bap: 6/100

***

1. Eý beýikliginiň öňünde ähli zadyň boýun egýäni!
2. Eý gudratynyň öňünde ähli zadyň tabyn bolýany!
3. Eý yzzatynyň öňünde ähli zadyň boýun egip tabyn bolýany!
4. Eý ähli zadyň özünden gorkup sylaýany, we özüne boýun egýäni!
5. Eý hökümdarlygynyň öňünde ähli zadyň boýun egýäni!
6. Eý ähli zadyň gorkudan, özüne gul bolany!
7. Eý Saňa bolan gorkusyndan ýaňa daglaryň bölek-püçek bolany!
8. Eý emri bilen gökleri dik tutýan!
9. Eý rugsady bilen zemini berkarar kylýan!
10. Eý halka zulum etmekden daş bolan hökümdarlyk eýesi, Rebbimiz!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (6)

Back to Top