YZA OKALYŞY 

Bap: 60/100

***

Allam! Senden şu atlaryň haky üçin dileýärin we ýalbarýaryn:
1. Eý ähli ýaradylanlardan öň bar bolan Ewwel!
2. Eý mahluklar ýok bolandan soň barlygy dowam etjek Ahyr!
3. Eý barlygy aýdyň görünýän Zahyr!
4. Eý ähli zadyň içindäki ahwaldan habardar bolan Batyn!
5. Eý ähli zady ýaradan Halyk!
6. Eý ähli mahluklara rysgalyny berýän Razyk!
7. Eý ähli işi dogry bolan we sözüni ýerine ýetirýän Sadyk!
8. Eý barlygy ähli zatdan öň bolan Sabyk!
9. Eý ähli zady takdyr edilen ugruna ugrukdyrýan Saik!
10. Eý tohum we çigitleri ýaryp, sümmüllendirýän Falik!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (60)

Back to Top