YZA OKALYŞY 

Bap: 61/100

***

1. Eý gije bilen gündizi yzly-yzyna üýtgedýän!
2. Eý garaňkylyklary we nurlary ýaradan!
3. Eý kölegeleri we gyzgyny döreden!
4. Eý aý bilen güne kökümdarlyk edip, olary mahluklarynyň hyzmatyna beren!
5. Eý ölümi we ömri ýaradan!
6. Eý ýaratmak we emir etmek diňe özüne degişli bolan!
7. Eý ýan-ýoldaş we çaga edinmeýän!
8. Eý mülkünde şärigi bolmaýan!
9. Eý kiçilikden we peslikden daş bolany üçin dosta mätäç bolmaýan!
10. Eý güýç we kuwwatyň hakyky eýesi!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (61)

Back to Top