YZA OKALYŞY 

Bap: 62/100

***

1. Eý özüni arzuwlaýanlaryň maksat-myradyny bilýän!
2. Eý özüne dileg edýänleriň mätäç bolan zatlaryny bermäge gudraty bolan!
3. Eý gam-gussadan ýaňa özüni ýitirenleriň agysyny eşidýän!
4. Eý azabyndan gorkup aglaýanlary görýän we bilýän!
5. Eý dymýanlaryň ýüregindäkileri bilýän!
6. Eý günälerinden puşman bolup ökünýänleri görýän we bilýän!
7. Eý toba edýänleriň ötünçlerini kabul edýän!
8. Eý bozgaklaryň işlerini düzeltmeýän!
9. Eý ýagşylyk edýänleriň peşgeşini zaýalamaýan!
10. Eý özüni tanaýanlaryň kalplaryndan daş bolmadyk!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (62)

Back to Top