YZA OKALYŞY 

Bap: 64/100

***

Allam! Senden şu atlaryň haky üçin dileýärin we ýalbarýaryn:
1. Eý günäleri gaýta-gaýta bagyşlaýan Gaffar!
2. Eý gullarynyň aýyp, hata we günälerini gizleýän Settar!
3. Eý ähli zady ýeňmäge güýji ýetýän, we duşmanlaryny perişan edýän Kahhar!
4. Eý islän zadyny zor bilen etdirmäge güýji ýetýän Jebbar!
5. Eý örän sabyrly bolan we gullaryna sabyr üçin takat berýän Sabbar!
6. Eý rysgala mätäçleriň ählisine rysgal berýän Rezzak!
7. Eý ähli zady hikmeti bilen açýan Fettah!
8. Eý ähli zady örän gowy bilýän Alläm!
9. Eý sowgatlary bol bolan Wehhab!
10. Eý ähli tobalary kabul edýän Tewwab!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (64)

Back to Top