YZA OKALYŞY 

Bap: 65/100

***

1. Eý meni iň gelşikli şekilde ýaradyp, agzalarymy nyzama goýan!
2. Eý maňa rysgal we terbiýe berýän!
3. Eý meni iýdirýän we içirýän!
4. Eý meni özüne ýakynlaşdyran!
5. Eý meni ähli zyýanly zatlardan goraýan we maňa ýetýän Rebbim!
6. Eý ähli mätäç bolan zatlarymy maňa berýän we meni goraýan!
7. Eý meni dogry ýol ugrukdyran we maňa üstünlik beren!
8. Eý maňa yzzat we baýlyk beren!
9. Eý meni öldürýän we direldýän!
10. Eý meni merhemeti bilen gujaklaýap, içime rahatlyk we asudalyk salýan Rebbim!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (65)

Back to Top