YZA OKALYŞY 

Bap: 68/100

***

Allam! Senden şu atlaryň haky üçin dileýärin we ýalbarýaryn:
1. Eý hakyky şepagatyň eýesi bolan Şefig!
2. Eý ähli zady eşidýän Semig!
3. Eý islänini beýgeldýän Refig!
4. Eý islemedik zadynyň öňüne geçýän Menig!
5. Eý ähli zady ýokdan, iň gözel şekilde we sungaty bilen ýaradan Bedig!
6. Eý mahluklary çalt ýaratmaga güýji bolan, gullaryndan çalt hasap soraýan Serig!
7. Eý özüne boýun egýän gullaryny iň gowy zatlar bilen buşlaýan Beşir!
8. Eý özüne baş galdyrýan gullaryna, ahyretdäki hasabyny we azabyny duýdurýan Nezir!
9. Eý soňsuz gudraty bolan Kadyr!
10. Eý ähli zada güýji ýetýän Muktedir!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (68)

Back to Top