YZA OKALYŞY 

Bap: 69/100

***

1. Eý ähli dirilerden öň diri bolan, hakyky diriligiň eýesi!
2. Eý ähli jandarlar ölenden soň diri galjak, hakyky diriligiň eýesi!
3. Eý özüne meňzeýän hiç zat bolmaýan, hakyky diriligiň eýesi!
4. Eý deňi-taýy bolmadyk, hakyky diriligiň eýesi!
5. Eý özüne şärik bolup bilýän jandar bolmadyk, hakyky diriligiň eýesi!
6. Eý hiç jandara mätäç bolmaýan, hakyky diriligiň eýesi!
7. Eý ähli jandarlara ölümi berýän, hakyky diriligiň eýesi!
8. Eý ähli jandarlara rysgal berýän, hakyky diriligiň eýesi!
9. Eý ähli ölüleri direldýän, hakyky diriligiň eýesi!
10. Eý hiç haçan ölmeýän, hakyky diriligiň eýesi!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (69)

Back to Top