YZA OKALYŞY 

Bap: 71/100

***

1. Eý älemleriň Rebbi!
2. Eý kyýamat gününiň eýesi!
3. Eý sabyr edýänleri söýýän,
4. Eý toba edýänleri söýýän,
5. Eý maddy we ruhy kirlerden arassalanýanlary söýýän,
6. Eý Allany görýän ýaly ybadat edýänleri söýýän Rebbim!
7. Eý kömek edýänleriň iň haýyrlysy!
8. Eý hak bilen ýalňyşy biri-birinden aýyrýanlaryň we höküm berýänleriň iň haýyrlysy!
9. Eý az amal üçin köp peşgeş berýänleriň iň haýyrlysy!
10. Eý bozgaklary iň gowy şekilde bilýän Rebbim!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (71)

Back to Top