YZA OKALYŞY 

Bap: 72/100

***

Allam! Senden şu atlaryň haky üçin dileýärin we ýalbarýaryn:
1. Eý mahluklaryny öň bolmadyk şekilde we ýokdan ýaradan Mübdi!
2. Eý mahluklary ölümlerinden soň täzeden direltjek Muid!
3. Eý ähli zady gorap saklaýan Hafyz!
4. Eý at we sypatlary bilen ähli zady gurşan we özünden gizlenip bilýän hiç zadyň bolmaýany!
5. Eý hamd edilmäge we öwülmäge iň laýyk bolan Hamid!
6. Eý abraýy, yzzaty, we peşgeşi bol bolan Mejid!
7. Eý mätäç bolanlaryň azyklaryny we rysgallaryny berýän Mukyt!
8. Eý kynçylyga duçar bolanlaryň kömegine ýetişýän Mugys!
9. Eý yzzat we beýikligiň eýesi bolan Muyzz!
10. Eý islänini peseldýän Müzill!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (72)

Back to Top