YZA OKALYŞY 

Bap: 8/100

***

1. Eý diňe özüne hamd edilýän we öwülmäge laýyk ýeke-täk!
2. Eý her hili sylag we beýikligiň eýesi!
3. Eý çäksiz öwgä laýyk we ahli beýiklikleriň we gözellikleriň eýesi!
4. Eý wadalaryny ýerine ýetirmäge güýji bolan we iň gowy şekilde ýerine ýetirýän!
5. Eý bagyşlanmak we razylyk isleýänleri bagyşlap olardan razy bolýan!
6. Eý yaradylanlara hasapsyz nygmat we peşgeş berýän!
7. Eý ähli zatlaryň işi we hökümi özüne degişli bolan!
8. Eý soňsuz yzzattyň we bakylygyň eýesi!
9. Eý nygmatlaryny jomartça berýän!
10. Eý garşylyksyz ýagşylyklar we nygmatlaryň eýesi!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (8)

Back to Top