YZA OKALYŞY 

Bap: 9/100

***

Allam! Senden şu atlaryň haky üçin dileýärin we ýalbarýaryn:
1. Eý bermek islemeýän zatlaryna päsgel bolýan Manyg!
2. Eý islän zadyndan islän zadyny daşlaşdyrýan Dafyg!
3. Eý peýdaly zatlary ýaradan we islänine islän zadyny berýän Nafyg!
4. Eý ähli zady eşidýän Samyg!
5. Eý ähli beýikligi bolan we islänini beýgeldýän Rafyg!
6. Eý ähli zady sungaty bilen ýaradýan Sanyg!
7. Eý islänine şepagat edýän, we isläniniň şepagatyny kabul edýän Şafyg!
8. Eý ähli ýagşylyk we gözellikler özünde jemlenen, kyýamat gününde ähli ýaradylanlary huzurynda jemlejek Jamyg!
9. Eý ähli zady gurşap alan Wasyg!
10. Eý her hili giňligi bolan we islän zadyny islän şeklinde giňeldýän Musyg!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (9)

Back to Top