YZA OKALYŞY 

Bap: 82/100

***

1. Eý islänini ýaradýan!
2. Eý islänini edýän!
3. Eý islänini dogry ýola ugrukdyrýan!
4. Eý islänini azaşdyrýan!
5. Eý islänini bagyşlaýan!
6. Eý islänini azaby bilen jeza berýän!
7. Eý isläniniň tobasyny kabul edýän!
8. Eý ene garnyndaky çagalara isleýşi ýaly şekil berýän!
9. Eý mahluklarynda islän ukubyny ýa-da nygmatyny isleýşi ýaly köpeldýän!
10. Eý merhemetini islänine berýän Rebbim!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (82)

Back to Top