YZA OKALYŞY 

Bap: 83/100

***

1. Eý ýan-ýoldaş we çaga edinmeýän!
2. Eý hiç kimi öz hökümine şärik kabul etmeýän!
3. Eý ähli zat üçin aýratyn takdyry bolan!
4. Eý mähiri we merhemeti ýitmeýän, daýym bolan!
5. Eý perişdeleri ilçi eýlän!
6. Eý asmanda ýyldyz toparlaryny döreden!
7. Eý ýeri ýaşamak üçin amatly eýlän!
8. Eý adamy bir damja suwdan ýaradan!
9. Eý ähli zadyň hasabyny bilýän!
10. Eý ähli zady ylmy bilen gurşan!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (83)

Back to Top