YZA OKALYŞY 

Bap: 84/100

***

Allam! Senden şu atlaryň haky üçin dileýärin we ýalbarýaryn:
1. Eý deňi-taýy bolmadyk – Ferd!
2. Eý özüne, sypatlaryna we işlerine meňzeýän hiç zat bolmaýan – Witr!
3. Eý ähli zatda ýeke-täkligini görkezýän – Ehad!
4. Eý hiç zada mätäç bolmaýan, ähli zat özüne mätäç bolan – Samed!
5. Eý abraýy we beýikligi iň uly bolan Emjed!
6. Eý yzzaty we güýji iň uly bolan Eazz!
7. Eý soňsuz ululyk we beýikligiň eýesi – Ejell!
8. Eý ähli hakyky zatlardan has hakyky bolan Ehakk!
9. Eý iň köp ýagşylyk edýän Eberr!
10. Eý barlygynyň soňy bolmaýan – Ebed!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (84)

Back to Top