YZA OKALYŞY 

Bap: 96/100

***

Allam! Senden şu atlaryň haky üçin dileýärin we ýalbarýaryn:
1. Eý sebäpleri ýaradan we olary takdyr eden Müsebbib!
2. Eý özüne boýun egýän gullaryna ýakynlaşýan Mukarrib!
3. Eý ähli zady hikmeti bilen yzly-yzyna getirýän Muakkyb!
4. Eý gullarynyň kalplaryny bir ahwaldan başga ahwala üýtgedýän Mukallib!
5. Eý ähli zada bir mukdar kesgitlän Mukaddir!
6. Eý ähli zady tertiplän Mürettib!
7. Eý gullaryny ýagşylyklara ugrukdyrýan Muraggyb!
8. Eý gullaryna öwüt berýän Müzekkir!
9. Eý ähi zady bar eden Mükewwin!
10. Eý soňsuz beýiklik we ululygyň eýesi bolan Mütekebbir!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (96)

Back to Top