YZA OKALYŞY 

Bap: 97/100

***

1. Eý bir zady eşitmesi, başga zatlary eşitmesine päsgel bolmaýan!
2. Eý bir işi etmesi, başga işleri etmesine päsgel bolmaýan!
3. Eý bir sözi beýleki sözüne päsgel bolman, älemdäki ähli jandarlar bilen bir wagtda gürleşip bilýän!
4. Eý bir doga-dilegiň başga doga-dilege päsgel bolman, ähli doga-dilegleri bir wagtda eşidip olara jogap berip bilýän!
5. Eý gaýta-gaýta doga-dileg edip isleýänlerden ýadamaýan!
6. Eý möminleriň kalplaryny Yslam bilen giňedýän!
7. Öý kiçi göwünli we özüni sylaýan gullarynyň ýüreklerini zikiri bilen hoş edýän!
8. Eý özüne muşdak bolanlaryň ýüreklerinden ýitmeýän!
9. Eý özüni arzuwlaýanlaryň iň beýik arzuwy!
10. Eý älemde özünden gizlin hiç zat bolmaýan!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (97)

Back to Top