MENÝU  OKALYŞY 

Fetih: 2/5

10. Takyk, saňa söz (äht) berenler, aslynda, Alla söz (ykrar) berendirler. Allanyň eli (gudraty) olaryň (äht edenleriň) elleriniň (güýçleriniň) ýokarsyndadyr. Kim (öz) beren sözünden dänse, takyk, ol öz garşysyna däner. Emma kim Alla beren sözüne wepaly bolsa, Alla oňa uly sylag berer.
11. Bedewilerden (çarwa araplaryň söweşe gitmän) yzda galanlary saňa: «Bize mal-mülkümiz we maşgalamyz gaýgy-alada boldy. Bes, sen biziň üçin (Alladan) ýalkaw dile» diýerler. Aslynda, olar dilleri bilen ýüreklerinde bolmadyk zady aýdarlar. (Sen olara): «Eger Elbetde, Alla size zeper ýetirmek islese, ýa-da size bir peýda (bermek) islese, sizi (Ondan goramaga) kimiň güýji ýeter?» diýip aýt. Alla siziň edýän (ähli) işleriňizden habardardyr.
12. (Eý, mynapyklar!) Aslynda, siz pygamber we möminler hiç haçan (yzyna), maşgalalaryna gaýdyp gelmez diýip pikir etdiňiz. Bu (ýagdaý we boş arzuw) siziň ýürekleriňizde bezeldi (hoş göründi). Siz erbet güman etdiňiz we heläkçilige uçran kowum bolduňyz.
13. Kim Alla we Onuň ilçisine iman getirmese, (bilip goýsun)! Takyk, Biz kapyrlar üçin alawly ot taýýarladyk.
14. Asmanlaryň we ýeriň mülki (hökmürowanlygy) Allanyňkydyr. Ol isläniniň günäsini geçer, islänine hem azap (jeza) berer. Elbetde, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
15. Siz oljalary almaga gideniňizde, (söweşe gatnaşman) yzda galanlar: «Rugsat bolsa biz hem siziň yzyňyza düşsek» diýdiler. (Şeýdip), olar Allanyň sözüni (hökümini) üýtgetmek isleýärler. (Sen olara): «Siz hiç haçan biziň yzymyza düşüp bilmersiňiz. (Sebäbi) siz hakda Alla muny öň aýdyp goýupdy» diýip aýt! (Sen beýle diýseň olar): «Ýok, siz bize göripçilik edýärsiňiz» diýerler. Ýok, olaryň (içinde) muňa düşünýänler (örän) azdyr, (köpüsi düşünmezler).

Back to Top