MENÝU  OKALYŞY 

Fetih: 3/5

16. Sen ol (söweşe gatnaşman yzda galan) çarwalara: «Siz tiz wagtda örän güýçli we ýowuz (söweşjeň) bir kowuma garşy (söweşe) çagyrylarsyňyz. (Ýa) siz olara garşy (soňuna çenli) söweşersiňiz, ýa-da olar (uruşsyz) musulman bolarlar. Eger siz (bu gezek emre) tabyn bolsaňyz, Alla size ajaýyp sylag berer. Emma siz, mundan öň hem ýüz öwrüşiňiz ýaly, (ýene-de) ýüz öwrüp (söweşden gaçsaňyz), size jebir-jepaly azap bilen jeza bereris» diýip aýt.
17. (Söweşden galmakda) köre günä ýokdur, agsaga günä ýokdur, hassa (ýatana) hem günä ýokdur. Kim Alla we Onuň ilçisine tabyn bolsa, (Alla) ony aşagyndan derýalar akýan jennetlere salar. Kim (tabynlykdan) ýüz öwürse, oňa hem jebir-jepaly azap berer.
18, 19. Elbetde, Alla (Hudeýbiýede) agajyň aşagynda saňa ykrar (ähti-peýman) beren möminlerden razy bolandyr. Bes, Alla (olaryň kalplaryndaky yhlasy bilýändigi üçin), olara aramlyk inderdi. Olary tiz wagtda (amala aşjak) ýeňiş we gazanjak köp oljalary bilen (sylaglady). Elbetde, Alla Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir.
20. Alla size (ýene-de) köp mukdarda olja aljagyňyzy wada berdi. (Bulardan) häzir size şulary berdi we möminlere bir alamat bolmagy hem-de sizi dogry ýola gönükdirmegi üçin, ynsanlaryň elleriniň (yza-ezýetlerini) sizden aýyrdy.
21. Size heniz takdyr edilmedik (berilmedik) başga (oljalar) hem bardyr. Alla olary gurşap alandyr (bilýändir). Takyk, Allanyň ähli zada güýji ýetýändir.
22. Eger (mekgeli) kapyrlar siziň bilen söweşselerdi, (eibetde olar) yzlaryna öwrülip gaçardylar. Soň hem (özlerine) dost we kömekçi tapyp bilmezdiler.
23. (Bu) Allanyň öňden bäri (dowam edip) gelýän kanunydyr. Allanyň kanunynda, hiç hili üýtgeşiklik tapyp bilmersiň.

Back to Top