MENÝU  OKALYŞY 

Fetih: 5/5

29. Muhammet Allanyň ilçisidir. Onuň ýanyndaky (möminler) bolsa kapyrlara ýowuz, öz aralarynda bolsa (biri-birlerine) rehimlidirler. Sen olaryň, Allanyň pazlykeremini we razylygyny isläp, rukug we sežde edýändiklerini görersiň. Olaryň ýüzlerinde (maňlaýlarynda) sežde yzyndan (galan) alamat-nyşan bardyr. Bu olaryň Töwratdaky (beýan edilen) aýratynlyklarydyr. Olaryň Injildäki (beýan edilen) aýratynlyklary bolsa gögerip, gitdigiçe güýçlenip ýognaýan we öz göwresine daýanýan bir ekin (ösümlik) mysalydyr. (Bu ekin) daýhanlaryň göwnüne ýarandyr. Bu (Allanyň şeýdip, şu ekin ýaly musulmanlary köpeldip, güýçlendirmek bilen) kapyrlaryň (has hem) gaharyny getirmek üçindir. Alla iman getirip, ýagşy işleri edýänlere ýalkaw hem-de uly sylag wada berýär.

Back to Top