MENÝU  OKALYŞY 

Fetih: 4/5

24. Ol (Alla) size Mekgäniň içinde olara (kapyrlara) garşy ýeňiş bereninden soň, olaryň ellerini sizden, siziň elleriňizi hem olardan çekdi. Alla siziň edýän (ähli) işleriňizi görýändir.
25. Olar inkär eden we siziň MesjidiHarama (Käbä) zyýarat etmegiňize hemde gurbanlyklaryň barmaly ýerlerine ýetmegine päsgel bolup, saklanlardyr. Eger siz ol ýerde (Mekgede) tanamaýan (käbir) erkek we aýal möminleriňizi bilmezden depelesediňz (günä gazanardyňyz). Bu (sebäpli hem) siz (uly) gynanja (ökünje) galardyňyz. (Alla muny bilýändigi üçin siziň Mekgä girmegiňize rugsat bermedi). Bu Allanyň islänini rahmetine salmagy üçindir. Eger olar (Mekgedäki musulmanlar we kapyrlar) biri-birlerinden aýry-aýry (ýaşaýan) bolsalardy, elbetde, olardan inkär edenlere ýowuz azap bilen azap bererdik.
26. Kapyrlar öz kalplarynda gahargazaply öýke-kinäni (yslamdan öňki) nadanlyk öýke-kinäni ornaşdyrdylar. Alla hem Öz ilçisiniň we möminleriň kalplaryna Özüniň aramlygyny inderdi (ornaşdyrdy). Olaryň (ýüreklerinde) takwalyk sözüniň (manysynyň) ornaşmagyna hemaýat etdi. Olar (bu söze) iň hakly hem-de mynasyp (kişilerdi). Alla ähli zady bilýändir.
27. Elbetde, Alla Öz ilçisiniň düýşüni dogry çykardy. Alla halasa, siz hökman amanlyk içinde (haj ybadaty üçin) saçlaryňyzy syrdyryp we gysgaldyp, gorkusyz (salamatlyk bilen) MesjidiHarama (Käbä) hökman girersiňiz. (Alla) siziň bilmeýän zadyňyzy bilýändir. Bes, Ol size (bu ýeňişden öň) ýakyn bir ýeňiş berdi.
28. Öz ilçisini ähli dinlerden üstün etmek üçin dogry ýol we hak din bilen iberen Oldur. Şaýat hökmünde Alla ýeterlikdir.

Back to Top