MENÝU  OKALYŞY 

Rahman: 2/4

17. Ol iki Gündogaryň we iki Günbataryň Perwerdigäridir.
18. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
19. Ol iki deňzi akdyryp goýberdi. Olar biri-birine gowşarlar.
20. (Emma) ikisiniň arasynda böwet (dik suw gatlagy) bardyr, (olar biri-birine) gatyşyp bilmezler.
21. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
22. Olaryň ikisinden hünji (dür) we merjen çykýar.
23. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
24. Deňizde äpet daglar ýaly ýüzýän uly gämiler hem Onuňkydyr.
25. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
26. Ondaky (ýeriň ýüzündäki) hemmeler panydyr (ýok bolup giderler).
27. (Emma) seniň beýiklik we pazlykerem eýesi Perwerdigäriň özi (elmydama) baky galar.
28. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
29. Asmanlardaky we ýerdäki (ähli) zat (öz isleglerini) Ondan dileýärler. Ol her gün (her pursat) bir iş (ýaradyş) içindedir (amala aşyrýandyr).
30. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
31. Eý, (ýer ýüzüniň agyrlygy bolan) ynsanlar we jynlar! Biz siziň hasabyňyzy (elbetde), sorarys.
32. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
33. Eý, jynlar we ynsanlar jemagaty! Eger asmanlaryň we ýeriň çäginden geçmäge güýjüňiz ýetýän bolsa, hany, geçiň bakaly! (Emma) geçip bilmersiňiz, meger (Alladan gelen) perman (güýç) bilen (geçip bolar).
34. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
35. Siziň üstüňize oduň tüssesiz alawy we duman iberiler. Size kömek hem edilmez.
36. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
37. Bes, asman ýarylyp, erän ýag ýaly gyp-gyzyl gülüň (reňkine) öwrülende, (siziň halyňyz nähili bolar)?
38. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
39. Ol (kyýamat) gününde ynsanlardan we jynlardan günäleri soralmaz, (hemmeleriň ýüz keşbi soraga ýer goýmaz).
40. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?

Back to Top