MENÝU  OKALYŞY 

Rahman: 3/4

41. Günäkärler ýüz keşplerinden tanalarlar, olar maňlaý saçlaryndan we aýaklaryndan tutulyp (dowzaha oklanarlar).
42. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
43. (Olara): «(Ine), günäkärleriň ýalan hasaplan dowzahy!» (diýler).
44. Olar ol (dowzah) bilen gaýnag suwuň arasynda (yzygiderli) gatnap durarlar.
45. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
46. (Hasap bermek üçin) Perwerdigäriniň huzurynda hasapdan gorkýan (mömine) iki jennet bardyr.
47. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
48. Iki (jennetiň) hem miweleri (we) agaçlary bardyr.
49. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
50. Ikisinde hem akyp duran iki sany çeşme bardyr.
51. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
52. Ikisinde hem her dürli miweler goşagoşadan bardyr.
53. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
54. (Ol jennetiler) içlikleri (aşaklary) galyň ýüpekli düşeklere ýassanarlar. Iki jennetiň hem miwelerini (ýolmak) aňsatdyr (elleriniň aşagynda bolar).
55. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
56. Ol jennetlerde gabagyny (ýanýoldaşlaryndan başgasyna) galdyrmaýan, özlerinden öň ynsandan we jyndan hiç kimiň (eli) degmedik hüýrler bardyr.
57. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
58. Ol (hüýr gyzlar owadanlykda) ýakut we merjen mysalydyr.
59. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
60. Ýagşylygyň sylagy ýagşylyk dälmidir eýsem?
61. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
62. (Olar üçin) bu ikisinden başga ýenede iki sany jennet bardyr.
63. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
64. (Ol iki jennet) göm-gök (öwsüp durandyr).
65. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
66. Olaryň ikisinde hem çogup duran iki sany çeşme bardyr.
67. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?

Back to Top