MENÝU  OKALYŞY 

Ýasin: 2/6

13. (Eý, Muhammet!) Sen olara ilçiler gelen (iberilen) obanyň (şäheriň) halkyny mysal getir.
14. (Haçanda) Biz olara iki sany ilçini iberenimizde (olar) ol ikisini ýalançy hasap etdiler. Soň üçünji ilçi bilen goldaw berdik. (Ilçiler): «Dogrusy biz (Allanyň) size iberen ilçileridiris» diýdiler.
15. Olar (ilçilere): «Siz biz ýaly (adaty) ynsanlar (ahyry). Rahman (Alla) hiç zady indermedi. Siz diňe ýalan sözleýärsiňiz» diýdiler.
16. (Ilçiler bolsa olara): «Perwerdigärimiz, takyk, biziň size iberilen ilçilerdigimizi bilýändir.
17. Biziň wezipämiz diňe size (Allanyň buýruklaryny) açykdan-açyk ýetirmekdir» diýdiler.
18. (Soň olar): «Dogrusy, siziň bilen bize şumluk gelýär. Eger-de siz (bu päliňizden) dänmeseňiz, kasam edýäris, biz sizi daşlarys. Biziň tarapymyzdan size juda ýowuz azap gelip ýeter» diýdiler.
19. (Ilçiler) olara: «Siziň şumlugyňyz özüňize bolsun! Eger-de size nesihat berilýän bolsa (munuň nämesi şumluk bolsun)? Tersine, siz hetden aşan kowumsyňyz» diýdiler.
20. (Şol wagt) şäheriň çetki (künjeginden) bir adam ylgap geldi. Ol: «Eý, kowumym! Bu ilçilere boýun boluň!
21. Sizden hak (tölemegiňizi) islemeýän bu adamlara eýeriň, (sebäbi) olar dogry ýola tabyn bolan (kişilerdir).
22. Men näme üçin özümi Ýaradana ybadat etmeli däl?! Siziň (hemmäňiz) Oňa dolanyp bararsyňyz.
23. Men, Alladan başga hudaýlary tututunaýynmy? Eger Rahman (Alla) maňa (haýsydyr) bir zyýan ýetirmek islese, onda olaryň (Alladan özge hudaý hasaplaýanlaryňyzyň) şepagaty maňa hiç hili peýda bermez. Olar meni halas hem edip bilmez.
24. Beýle ýagdaýda men äşgär (görünip duran) ters ýolda bolaryn.
25. Takyk, men siziň Perwerdigäriňize iman getirdim, maňa gulak asyň!» (diýdi).
Düşündiriş: Ol adamyň bu sözlerinden soň kapyrlar: «Diýmek, sen hem onuň dininden ekeniň» diýip, ony daşlap başlaýarlar. Ol adam hem şol ýerde jan berýär.
26, 27. (Ol adama: «Eý, bendäm: «Gel), jennete gir!» diýildi. Şonda ol: «Käşgä, kowumym hem Perwerdigärimiň meniň günälerimi geçendigini we meni hormatly kişilerden edendigini bilsediler» diýdi.

Back to Top