MENÝU  OKALYŞY 

Ýasin: 3/6

28. Biz ondan soň, onuň kowumynyň üstüne (olary heläk etmek üçin) asmandan goşun indermedik. Indermekçi hem däldik.
29. Diňe elhenç bir ses boldy. Olar dessine (duran ýerlerinde doňup) sönüp galdylar.
30. Özlerine bir pygamber gelende , onuň üstünden gülüp ýaňsylaýan ol bendelere haýp bolsun!
31. Olar (Alla şärik goşanlar) özlerinden öň öten ençe kowumlary heläk edendigimizi görmeýärlermi eýsem? Olar gaýtadan dolanyp, olaryň ýanlaryna gelip bilmezler.
32. Elbetde, olaryň hemmesi jemlenip (kyýamat gününde) biziň huzurymyza getiriler.
33. (Bu meselede) öli toprak olar üçin bir ybrat nyşanydyr. (Biz topraga ýagyş bilen) jan berdik we ýerden dänesini (gögerdip) çykardyk. Ine, olar (ynsanlar) şondan iýýärler.
34, 35. Biz ýeriň ýüzünde (ençe-ençe) hurma bossanlaryny, üzüm baglaryny döretdik. (Ynsanlaryň) şol (bossanlaryň) miwesini hem-de öz elleri bilen öndüren zatlaryny iýmekleri üçin, ol ýerlerde (ençe) çeşmeleri akdyryp goýduk. Eýsem, olar (şonda-da) şükür etmeýärlermi?
36. Ýeriň öndürip-ösdüren zatlaryndan, ynsanlaryň özlerinden hem-de entek bilmeýän zatlaryndan barça jübütleri ýaradan Alla (ähli kemçiliklerden) päkdir.
37. Gije (hem) olar üçin ybrat nyşanydyr. Biz ondan gündizi çekip aýyrýarys, olar şonda dessine tümlükde galýarlar.
38. Gün özüne görkezilen (kesgitli) ýere tarap akar. (Ine), bu Gudraty güýçli hemde (ähli zady) bilýän (Allanyň) takdyrydyr (ýola goýan düzgün-nyzamydyr).
39. Aý üçin hem birnäçe menzilleri (ýollary) kesgitläp goýduk. Ahyrynda Aý hem egrelen hurma şahasy dek (ýaý şekilli Aý halyna) gaýdyp geler.
40. Ne Gün Aýyň (yzyndan) ýetip biler ne-de gije gündüziň öňüne geçip biler. Olaryň hersi bir pelekde (orbitasynda) ýüzerler (aýlanarlar).

Back to Top