Ýasin: 6/6


71. Olar biziň ellerimiz (gudratymyz) bilen özleri üçin ýaradan ençe mallarymyza-haýwanlarymyza eýe bolýandyklaryny görmeýärlermi eýsem?
72. Bu haýwanlary olaryň ygtyýarlaryna berdik. Olaryň käbirlerini münmek üçin, käbirlerini bolsa iýmek üçin (ulanýarlar).
73. Bu haýwanlarda olar üçin ençe peýdalar hem-de içmekleri üçin (süýt) bardyr. (Eýsem) henizem şükür etmeýärlermi?
74. Olar özlerine kömek eder öýdüp (gümanlary bilen) Alladan özge hudaýlar tutundýlar.
75. Ýöne (hudaýlaryň) olara kömek etmäge güýçleri ýetmez. (Gaýtam tersine) olaryň özleri ol (toslama hudaýlara
hyzmat edýän) taýýar esgerlerdir.
76. (Eý, pygamber!) Olaryň aýdýan sözleri seni gynandyrmasyn! Takyk, biz olaryň gizlin zatlaryny hem, äşgär zatlaryny hem bilýäris.
Düşündiriş: Ölümden soňky direlmegi inkär edýän Ubeý ibn Halef atly bir kapyr eline çüýräp giden bir süňki alyp, ony owradýar. Soň bolsa pygamberimize ýüzlenip: «Sen Allanyň çüýräp giden bu süňkleri täzeden direltjegine ynanýarsyňmy?» diýýär. Pygamberimiz hem oňa: «Hawa, ol direlder, seni hem dowzaha salar» diýýär. Bu wakadan soň hem aşakdaky aýatlar inýär.
77. Eýsem, (ol kapyr) adam (Biziň) özüni bir damja erkeklik suwundan ýaradandygymyzy görmeýärmi? Ol Bize göz-görtele duşmançylyk edýär.
78. Ol öz ýaradylyşyny ýatdan çykaryp, Bize garşy mysal getirmäge (akyl öwretmäge) synanyşýar. Ol: «Çüýräp giden bu süňkleri kim direldip biler?» diýýär.
79. Oňa: «(Olary) ilkibaşda kim ýaradan bolsa, şol hem (täzeden) direlder. Çünki Ol ähli görnüşdäki ýaratmagy bilýändir» diýip aýt.
80. Ol ýaşyl (öl) agaçdan siziň üçin ot çykarýan hem (Alladyr). Siziň özüňiz hem (ondan) ot ýakýarsyňyz.
Düşündiriş: Çarwa araplar «Merh» we «Ufar» diýilýän agaçlary biri-birine süýkäp, ondan ot çykarar ekenler. Bu aýatda hem ýaşyl (öl) agaçlardan ot çykarmaga güýji ýeten Allanyň, çüýrän süňkleri direltmäge hem güýjüniň ýetjekdigi aýdylmak islenýär.
81. Asmanlary we ýeri ýaradanyň, (heýde) ýene-de şonçasyny ýaratmaga güýji ýetmezmi? Elbetde (ýeter)! Ol ähli zady ýaradyjydyr we (ýaratmagy we ähli zady gowy) bilýändir.
82. Ol bir zady (ýaratmak) islän wagty Onuň işi oňa diňe «Bol!» diýmekdir. Ol (zat) dessine (peýda) bolar.
83. Ähli zadyň mülki (hökmürowanlygy) elinde bolan Alla ähli kemçiliklerden päkdir! Siz hem Oňa dolanyp bararsyňyz.