Ýasin: 5/6


55. (Kyýamat) güni jennetiler, elbetde, nygmatlaryň hözirini görerler.
56. Olar we jübütleri kölegeli ýerlerde sekilere ýaplanyp oturarlar.
57. Ol ýerde olar üçin (dürli-dümen) iriýmişler bardyr. Olar üçin ol ýerde islän zady bolar.
58. Olara rehim-şepagatly Perwerdigär tarapyndan salam sözi (aýdylar).
59. (Olara): «Eý, günäkärler! Hany, bu gün (ýagşylardan) saýlanyň!» diýler.
60, 61. Eý, Adam perzentleri! Size: «Şeýtana ybadat etmäň (boýun bolmaň), çünki ol size göz-görtele duşmandyr. Maňa ybadat ediň, sebäbi dogry ýol budur» diýip äht edip aýtmadymmy?
62. Şeýtan siziň (araňyzdan) nesilleriň köpüsini azdyryp aldawa saldy. (Henizem) akylyňyzy ulanyp pikirlenjek dälmisiňiz?!
63. Ine, bu size wada berlen dowzahdyr.
64. Inkär edip, kapyr bolandygyňyz sebäpli, bu gün oňa (dowzaha) giriň!
65. Bu gün olaryň agyzlaryny möhürläp goýarys, olaryň eden işlerini Bize öz elleri gürrüň berer, aýaklary hem şaýatlyk eder.
66. Eger Biz islesedik, olaryň gözlerini bütinleý kör edip goýardyk. Şonda olar dogry ýoly tapmak üçin ylgaşardylar, emma olar (hakykaty) nädip görüp bilsinler!
67. Eger Biz islesedik, duran ýerlerinde olaryň durkuny (sypatyny) üýtgederdik. Olar öňe-de gidip bilmezler, yza-da gaýdyp bilmezler.
68. Biz kime uzak ömür bersek, onuň (ýagdaýyny) tersine öwreris. (Ynsan gartaşansoň tapdan düşüp çaga ýaly, akyl we beden taýdan ejizlemek bilen bolar. Heý), akyllaryny ulanyp pikirlenmeýärlermi?
69. Biz oňa (pygambere) şygyr-goşgy öwretmedik. Bu oňa (pygamberligine) gelişmez. (Onuň aýdýanlary) diňe Alladan gelen nesihatdyr we aýdyň Kurandyr.
70. (Ol) dirilere duýduryş berýän, kapyrlara bolsa sözüň (azabyň) laýyk boljakdygyny (habar berýän Kurandyr).