MENÝU  OKALYŞY 

Ýasin: 4/6

41. Olaryň (Adam atanyň we How enäniň) zürýatlaryny üsti doly (Nuhuň) gämisinde daşamagymyz hem olar üçin (uly) ybratdyr.
42. Biz olar üçin şoňa meňzeş münülýän (başga) zatlary hem döredip berdik.
43. Islesek, olary suwda gark edip hem bileris. Şonda ne olaryň (dadyna) ýetişenler (tapylar), ne-de olar (gazapdan) halas edilerler.
44. Emma biz olara merhemet ederis hem-de belli bir wagta çenli (dünýä ýaşaýşyndan) peýdalanmaga (rugsat bereris).
45. Olara: «Merhemet edilmegiňiz üçin siziň indiki etjek işleriňiz zerarly Alladan gorkuň!» diýlende, olar (muňa düýbünden gulak gabartmazlar).
46. Olara özleriniň Perwerdigäriniň aýatlaryndan bir aýat gelende, ondan ýüz öwürýärler.
47. Olara «Allanyň size rysgal edip beren zadyndan (Alla ýolunda) sarp ediň!» diýlende, kapyrlar möminlere: «Allanyň islese tagam berjek kişisine biz tagam berelimi? Takyk, siz göz-görtele ters ýoldasyňyz» diýdiler.
48. Olar: «Eger siz dogruçyl bolsaňyz, ol wada (azap) haçan bolar?» diýýärler.
49. Olar diňe biri-birleri bilen çekeleşip durkalar, (duýdansyz ýagdaýda) özlerini tutjak elhenç bir sese garaşýarlar.
50. Ine, şol wagt olar ne biribirlerine wesýet edip ýetişerler, ne-de maşgalalaryna gaýdyp baryp bilerler.
51. (Ahyry hem) sura üflener. Şol wagt olar guburlaryndan turarlar we ylgaşyp özleriniň Perwerdigärine giderler.
52. (Şonda) olar: «Bize haýp bolsun! Bizi guburlarymyzdan kim turuzdy (çykardy)? Bu Rahmanyň (Allanyň) wadasydyr. Pygamberler dogry aýdypdyrlar» diýerler.
53. (Şol wagt) diňe elhenç bir ses bolar. Şonda olaryň hemmesi dessine biziň huzurymyzda häzir bolarlar.
54. Şol gün hiç kime hiç hili zulum (adalatsyzlyk) edilmez. Siz (ol ýerde) diňe eden işleriňiziň sylagyny alarsyňyz.

Back to Top